Bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry
Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Müdimi senadyr ene hüwdüsi» atly bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan zenanlar milli lybasda we şaý-seplerde birkemsiz bezenip, onuň şertlerine laýyklykda güýç synanyşdylar. Hüwdüleriň döreýşi, taryhy barada gürrüň berdiler. Çagany rahat ýatyrmakda aýdylýan hüwdüleri mylaýym owaz bilen ýerine ýetirdiler. Altyganat ak öýüň ýaraşygy bolan sallançagyň ýasalyş aýratynlyklarynyň ähmiýetini, many-mazmunyny hem-de sallançagyň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary wideoşekilli ýazgylar bilen beýan etdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Anna Haýdarowa baş baýraga mynasyp bolup, onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Gyzylarbat şäher medeniýet merkeziniň tansçysy Ogulsuraý Täşjaýewa birinji, Bereket etrap Däneata oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Ogulmeňli Öwezmämmedowa ikinji, Magtymguly etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy Gültäç Meretgulyýewa üçünji orunlary eýelediler.