«Batly gadamdaky» netijeli işler

Ykdysadyýet
12.03.2026
147

«Batly gadamdaky» netijeli işler

Ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini döretmekde telekeçilere uly ynam bildirilýär. Täze taryhy eýýamda olaryň öz işlerini netijeli amala aşyrmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Muňa Balkan welaýatyndaky hususy kärhanalarda alnyp barylýan işler hem aýdyň güwä geçýär. Netijeli işi bilen ýurdumyzda giňden tanalýan «Batly Gadam» hususy kärhanasynda hem «ak altyny» senagat taýdan gaýtadan işläp, ýüplükleri, jorap önümlerini öndürmekde uly sepgitlere ýetilýär. Bu kärhanada her ýylda ýüplükleriň 5 müň 400 tonnasyny, jorap we jorap önümleriniň 18 million jübütini öndürmegiň hötdesinden gelinýär. Ol önümlere daşary sarp edijiler hem uly isleg bildirýärler. Hususy kärhananyň uzakmöhetleýin kärende ýerinde dürli oba hojalyk ekinleri hem ösdürilip ýetişdirilýär.