«Batly Gadamyň» gadamy batly

Ykdysadyýet
15.03.2025
124

«Batly Gadamyň» gadamy batly

 Balkanabat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Batly Gadam» hususy kärhanasynyň hünärmenleri giň gerimli işleriniň möçberini barha artdyrýarlar. Olar dürli ölçegdäki ýüplükleri içerki we daşarky bazarlara ugratmak bilen çäklenmän, eýsem, ol ýüplükleri boýamak we dürli görnüşli jorap jübütlerini taýýarlamak işlerini hem ýokary hil talaplaryna laýyk alyp barýarlar. Kärhananyň öz ekin meýdanlarynda ýetişdirilýän pagta ýokary hil derejesine eýe bolup, ondan alynýan önümler ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Olaryň aglabasy dokma önümçiligi üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Ýakynda kärhanada sütükli matalary öndürýän dokma önümhanasynyň işläp başlamagy bilen täze iş orunlarynyň 50-si döredi. Bu ýerde Hytaý döwletinden getirilip oturdylan dokma enjamlarynda dürli görnüşli önümler, şeýle hem sütükli matalar dokalýar. Önümhanada bir gije-gündizde 6 tonna barabar önüm öndürmäge mümkinçilik bar.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde