Baý mazmunly medeni çäreler

Medeniýet
15.12.2022
218

Baý mazmunly medeni çäreler

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde guralan dürli çäreler baý many-mazmuna eýe boldy. «Berkarar» myhmanhanasynda gurnalan halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň we el işleriniň sergisi hem şolaryň hatarynda mynasyp orun alyp, bu ýere gelenlerde unudylmajak täsirleri galdyrdy. Şeýle-de, bu ýerde milli däp-dessurlarymyz giňden şöhlelendirilip, baý medeni mirasymyzyň Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täzeçe öwüşginde rowaçlyklara beslenýändigini görkezdi.

«Berkarar» myhmanhanasynda türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi-de hemmelerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Onda gadymy keşdelerimiziň täze döwrebap öwüşgin berlen nusgalary bilen bezelen milli egin-eşikleriň köp dürli görnüşleri tomaşaçylara görkezilip, olar geçmiş bilen şu günüň özboluşly sazlaşygyny emele getirdi.

Täze habarlar