Baýramçylyga bagyşlanan çäre

Çäreler
26.06.2025
72

Baýramçylyga bagyşlanan çäre

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Balkan welaýat kitaphanasynda aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. «Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen göterildi ol ykbaly türkmeniň» ady bilen geçirilen baýramçylyk çäresine dürli ulgamlaryň wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä ýaýylmagy, ulgamyň maddy - enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, döredijilik işgärleriniň zehinleriniň, ylhamlarynyň has-da joşmagy, kämil eserleri döretmegi üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän şert-mümkinçilikler, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan belent hormat-sarpa baradaky söhbetler çärede edilen çykyşlaryň özenini düzdi. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşylar toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary dabaraly çäräniň täsirliligini artdyryp, olarda medeniýetimiziň, sungatymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, dana şahyrymyzyň waspy belentden ýaňlandy.