Baýry institutda işler ileri
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäherindäki «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlarydyr hünärmenleri ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň ösmegine öz mynasyp goşant goşýarlar. Institutyň edara binasynyň durkunyň täzelenip, ulanmaga berilmegi olaryň has netijeli işlemegine uly ýardam etdi. «Nebitgazylmytaslama» instituty ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň iň baýry ylmy-barlag we taslama merkezleriniň biri bolup durýar. Balkan welaýatynyň nebitgaz känlerinde, çylşyrymly we adatdan daşary kyn dag-geologik şertli kesimlerde gözleg-barlag işleriniň, çuň guýulary burawlamagyň taslamalaryny taýýarlamak, gurluşyk wagty ylmy-inženerçilik gözegçiligini alyp barmak, tehniki meseleleri çözmek we buraw erginleriniň oňaýly düzümini saýlamak, känleridir ýataklary işläp geçmegiň taslamalaryny, tehnologik smetalaryny düzmek we önümli gatlaklaryň ulanylyşynyň seljermesini alyp barmak, nebit we gaz gorlaryny hasaplamak, olaryň ýyllyk meýilnamasyny düzmek ýaly başga-da ençeme işlere institutyň goşandy uludyr.