Bedene
Bedene sülgünler maşgalasynyň towuklar otrýadynyň iň kiçi wekili bolup, agramy bary-ýogy 100-130 gram, göwresiniň ululygy 18 santimetr töweregidir. Reňki mele, ýere meňzeş bolup, agymtyl, garamtyl, goňrumtyl menekler bilen örtülendir. Gizlenende, ony saýgaryp bolmaýar. Ene bedene horaz bedenä görä biraz ulurakdyr. Horaz bedeneleriň bokurdagy goýy goňur, ene bedeneleriňki bolsa ak reňkli ýeleklidir. Bedeneler howp abanmasa, uçmaýarlar diýen ýaly. Howpdan ot-çöplere sümlüp gutulýarlar. Bu guşuň ýaşaýşynyň ot-çöpli ýerler bilen baglydygyny daşky görnüşinden aňmak bolýar.
Bedeneler dürli terje otlar, otlaryň tohumlary, kiçijik mör-möjekler, gurçuklar bilen iýmitlenýärler. Bedeneleriň köpelmek döwri apreliň ahyryndan maýyň ahyryna çenli dowam edýär. Höwürtgelerini çukurjyk ýerde ýasanýarlar. Çukurjygyň içine ýumşajyk ýelekleri, otuň-çöpüň ýumşajyk ýapraklaryny düşeýärler. Höwürtgä ene bedene 18-e çenli ýumurtga goýýar we ony 15-17 gün basýar. Horaz bedene howürtge ýasamaga-da, ýumurtga basmaga-da, jüýjelere seretmäge-de gatnaşmaýar. Ýumurtgadan çykýan bedene jüýjesiniň agramy 5,5 gramdan geçmeýär. Bir ýarym aýdan bolsa jüýjeler uly bedeneleriň hataryna goşulýarlar.
Bedene saklamak peýdalydyr, girdejilidir. Sebäbi bir ene bedene ýylyň dowamynda 300 töweregi ýumurtga berýär. Onsoňam bedenäniň ýumurtgasy witaminleriň, minerallaryň tapylgysyz hazynasy hasaplanylýar. Bedenäniň etiniň, ýumurtgasynyň peýdalydygy gadymy döwürlerden bäri mälimdir. Şonuň ýaly peýdaly taraplaryny nazarda tutup, adamlar irki döwürlerden bäri bedenäni eldekileşdirip gelipdirler.