Bedenterbiýe we sport sagdyn jemgyýetiň özenidir

Sport
18.04.2024
271

Bedenterbiýe we sport sagdyn jemgyýetiň özenidir

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu gün ýurdumyz halkara derejesindäki köp sanly sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şonuň esasynda hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş watandaşlarymyz türkmen sportynyň iň oňat däplerini üstünlikli dowam etdirip, halkara ýaryşlarynda Türkmenistan döwletiniň abraýyny has-da belende göterýärler.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15-nji aprelinden 20-nji apreli aralygynda paýtagtymyz Aşgabatda sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda halkara hokkeý ýaryşy geçirilýär. Halkara sport ýaryşyna dünýäniň on sany ýurdundan birnäçe toparlar gatnaşýar. Bu ýaryşda Türkmenistana ýurdumyzyň sekiz gezek çempiony bolan “Galkan” hokkeý kluby wekilçilik edýär.

Bütindünýä saglyk aýy hem-de ýurdumyzda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşlaryna bagyşlanan çäreler Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýagny, şu ýylyň 5-nji aprelinden 30-njy apreli aralygynda Etrek etrabynyň Bedenterbiýe we sport bölüminiň gurnamagynda edara-kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň arasynda hem sportyň dürli görnüşleri boýunça sport ýaryşlary geçirilýär.