Bedew esbaplary

Medeniýet
15.12.2023
317

Bedew esbaplary

Türkmen halky atlara degişli esbaplara ýasamaklyga aýratyn yhlas siňdiripdir. Gönden, gaýyşdan, halydan edilen esbaplar hem bedewleriň bezegi bolupdyr, hem-de at üstünde jaýly oturmak, çapmak we oňa ideg etmek üçin amatly bolupdyr. Eýer - ata münülende adamyň rahat oturmagy üçin peýdalanylýan esbap. Ol agaçdan ýasalyp, onuň üstünde oturan adam iki ýana agmaz ýaly, eýeriň gaşy biraz beýigräk edilýär. Eýeriň iki gapdalyndan üzeňňi dakylar ýaly, deşijekler goýulýar.

Eýeriň yzky ýaý görnüşli agaç bölegine gürlük diýilýär. Oňa çüý kakylyp, gerekli ýol enjamlary asylýar. Üzeňňi - bedewiň üstüne münüp-düşmek, oturanyňda aýagyňy goýup, rahat oturmak üçin eýeriň ikiýan gapdalyndan asylýan halka görnüşli enjam.

Çeki - atyň eýeriniň üsti bilen döşüniň aşagyndan aýlanyp alynýan gaýyş.

Guşgun - eýeriň öňe süýşmezligi üçin atyň guýrugynyň aşagyndan geçirilip, eýeriň öňünden dakylýan demir tokaly gaýyş.

Gaşaw - atyň endamyny syryp- -süpürip, arassalamak üçin inçejik simden ýasalan, çotga görnüşli enjam.

Gamçy - at münülende, ýaryşdyrylanda, gyssamak üçin ýasalan ujy gaýyşly, agaç saply enjam.

Nal - atyň toýnagynyň aşagyna kakylýan demir halka. Ol atyň toýnagynyň gyrylmasynyň öňüni alýar.

Uýan - atyň kellesine geýdirilýän uzyn, gaýyş halkanyň bir görnüşi. Onuň ýüzi dürli bezeg şaýlary bilen timarlanýar.

Agyzdyryk - bu uýanyň bir bölegi bolup, atyň agzyna salynýan goşa halkaly demir bölegidir. Agyzdyryk atlar uzak aralyga ugrajak wagty ýa-da çapyşyga goýberilende, olaryň baş bermezliginiň öňüni almak üçin geýdirilýär.

Jylaw - agyzdyrygyň iki tarapyndan demir halkalara berkidilýän gaýyş bag. Ol aty sürmek, islän tarapyňa gönükdirmek üçin ulanylýar