Bedew naly

Medeniýet
22.07.2024
239

Bedew naly

Türkmen halky ýasan zatlaryny nepislik derejesine ýetirmegi başarypdyr. Bu atyň naly barada hem şeýledir. Arheologiýa ýadygärliklerinden tapylan tapyndylaryň arasynda at nalynyň dürli görnüşleriniň bolmagy munuň subutnamasydyr. Milli seýisçilik sungatynda at nalyna aýratyn üns berlipdir. Çapuwa goýberilende, atyň toýnagy zaýalanmaz ýaly, oňa laýyklanyp, nal kakylýar. Onuň esasy hyzmaty toýnagy dürli gaty jisimlere degip düwülmekden gorap saklamakdyr. Bedewleriň toýnagyna nal bejermegiň we ony dürs kakmagyň köpasyrlyk tejribesi biziň günlerimize gelip ýetipdir. Atlaryň toýnagy wagtly-wagtynda timarlanyp, nallary çalşylyp durlupdyr. Nal metaldan, bürünçden, kä halatda mise altyn suwy çaýylyp ýasalypdyr.

Halk arasynda nal bilen baglanyşykly yrymlar ýörgünlidir. Ol göz degmekden goraýar diýen ynanç bar. Gapylaryň ýokarsyna asylyp goýulmagy şonuň üçindir.