Belekde geçen çäreler

Medeniýet
25.06.2026
129

Belekde geçen çäreler

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesiniň Medeniýet öýünde usuly maslahat, ýurdumyzyň maşgala aýdym-saz toparlarynyň konserti we milli el işleriniň, usuly gollanmalaryň sergisi geçirildi. Usuly maslahatda oba medeniýet öýleriniň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler, durmuşa geçirilen işler hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň, medeniýet öýlerini kämilleşdirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklanylýandygy buýsanç bilen nygtaldy. Bu ýerde geçirilen maşgala aýdym-saz toparlarynyň konserti tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Uly joşgun bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazlar döwrümiziň, medeni ösüşlerimiziň belent waspy bolup ýaňlandy. Milli el işleriniň, usuly gollanmalaryň sergisine hem çärelere gatnaşyjylar uly höwes bilen tomaşa etdiler.

Täze habarlar