Belent buýsanjyň beýany

Medeniýet
15.01.2026
145

Belent buýsanjyň beýany

Welaýatymyzyň merkezi Balkanabat şäheriniň gözel künjegindäki Baş baýdak meýdançasynda täze, 2026-njy ýylyň ilkinji gününde Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanyp, ýaşyl Tugumyzyň ýokary galdyrylmagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk çäresiniň şowhunyny artdyrdy. Ýokary ruhubelentlige beslenen baýramçylyk dabarasynda buýsançly çykyşlara uly orun berildi. Çykyşlaryň çuňňur mazmunynda aýratyn nygtalyşy ýaly, geçen ýylda Berkarar Watanymyz ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazandy. Dabarada buýsançly çykyşlaryň dowamy baky Bitaraplygymyzy, täze taryhy eýýamyň beýik tutumlaryny wasp edýän joşgunly, milli tanslara beslenen aýdym-sazlara, ýatda galyjy täsirli sahnalara utgaşdy.