Belent owazly bagşy

Medeniýet
19.09.2025
112

Belent owazly bagşy

Her ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Şamyrat Dawydow türkmen halk aýdymyny ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde ýeňiji bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglandy. Ş.Dawydow — ýurdumyzda meşhur bagşynyň nesil dowamaty. Onuň ilkinji halypasy atasy bolup, ol hem Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudowdyr. Kiçiliginden öýlerinde öwran-öwran ýaňlanan aýdym-sazlara maýyl bolup ulalan Şamyrada dutaryň ilkinji perdelerini basmagy hem meşhur atasy öwredýär. Bagşyçylyk sungatyna bolan höwesi ýaş zehini Bereket etrabynyň çagalar sazçylyk mekdebine alyp gelýär. Ol bu ýerde dutar çalmagyň, bagşyçylygyň inçe syrlaryny öwrenýär. 2013-nji ýylda bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girýär. Bu ýerde bilimini, ukyp-başarnygyny has-da artdyran ýaş bagşy Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde zähmet ýoluna başlaýar. Soňra Balkan welaýat ýörite sungat mekdebine işe gelýär. Sungat ojagynda, şäher, welaýat möçberinde geçirilýän baýramçylyk çärelerinde yzygiderli çykyş edýär. «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Şamyrat Dawydowyň «Ak ýüzli Maralym» atly türkmen halk aýdymyny ýerine ýetirişine emin agzalary iň ýokary bahany berdiler. Bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilenimde, ilki bilen göz öňümde mähriban atam janlandy. Sebäbi çaga döwrümden ol maňa uly ynam bildirýärdi. Şol ynamy ödänime begenjimiň çägi ýok — diýip, belent owazly bagşy gürrüň berdi.

Täze habarlar