Belent sarpanyň eýeleri
Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda welaýat häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly çäre ýokary ruhubelentlige beslendi. Onda çykyş edenler ýurdumyzda ýaşuly nesle goýulýan sarpanyň has belentdigini, il-ýurt bähbitli tutumly işlerde olara hemişe sala salynýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Baýramçylyk dabarasynda medeniýet we sungat işgärleriniň, talyp ýaşlaryň paýhasly gojalarymyzy, mährem enelerimizi, eşretli durmuşymyzy wasp edýän aýdym- sazlary belentden ýaňlandy. Joşgunly tanslardyr folklor çykyşlary dabara gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlaryň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenji guraldy.