Belent sepgitleri nazarlaýan kärhana

Ykdysadyýet
20.01.2023
224

Belent sepgitleri nazarlaýan kärhana

Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki kämil önümçilik enjamlary bilen üpjün edilen ýod önümçiligi kärhanasynda öndürilýän önümler müşderileriň artýan isleglerinden peýdalanýar. Dünýä ylmynyň iň soňky gazanan enjamlary ornaşdyrylan kärhananyň bu ýerde gurulmagy ýurdumyzyň günbatar sebitinde gymmatly çig mal bolan ýoduň uly gorlarynyň jemlenenligi bilen baglanyşyklydyr. Ýeri gelende aýtsak, döwrebap kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny, diş serişdeleriniň bolsa 500 müň sanysyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Şunuň ýaly önümçilik mümkinçiliklerine eýe bolan kärhanada ýylyň başyndan häzirki güne çenli 8 million 44 müň manada barabar lukmançylyk serişdeleri öndürilip, 124 göterim zähmet üstünligi gazanyldy. Kärhanada öndürilýän önümler hiliniň ýokary derejeliligi bilen tapawutlanýar.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde