
Berekediň tikin kärhanasynda
Bereket şäherindäki tikin kärhanasynda işler Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tikin enjamlarynda ýerine ýetirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan kärhananyň tikinçileriniň ýokary hilli önümleri öndürip, guwandyryjy görkezijileri gazanmaklaryna ýardam edýär. Tikinçiler 2025-nji ýylyň ilkinji aýynyň önümçilik meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şu döwürde taýýarlanylan tikin önümleri 20 müňden geçdi. Olaryň pul hasabyndaky möçberi 1 million 25 müň manatlyga barabar boldy.
Şeýle guwandyryjy görkezijileriň gazanylmagynda tehnolog Altynaý Bekenowanyň, tikinçiler Tylla Orazberdiýewanyň, Gunça Tuwakgylyjowanyň, Amansoltan Baýramgulyýewanyň, Gurbangül Nepesowanyň uly tagallalary bardyr. Kärhananyň ussat tikinçileriniň taýýarlaýan ýorganlarynyň, düşeklerdir ýassykdaşylarynyň, dürli egin-eşikleriniň, tikin we örme önümleriniň söwda bölümlerinde uly isleg bilen satyn alynýandygyny bellemek gerek.