Bereketli bagtly halyçy

Jemgyýet
20.08.2026
67

Bereketli bagtly halyçy

Her bir nagşynda gelin-gyzlarymyzyň ýürek arzuwyny, halkymyzyň däp-dessurlaryny, dünýägaraýşyny özünde jemleýän halyçylyk sungatyna köňül beren zenanlaryň biri Arazbibi Garlyýewadyr. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynda zähmet çekýän Arazbibi Garlyýewanyň durmuşynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ýatda galyjy pursatlary peşgeş berdi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen çeken zähmeti göz öňünde tutulyp, oňa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylmagy Arazbibi daýzanyň maşgalasyna toý şatlygyny eçildi. Dokma daragynyň sesini eşidip ulaldyk. Ejem Bibi, aýal doganym Ýegensoltan haly dokardylar. Alty-ýedi ýaşlarymda haly dokamagy öwrenip başladym. On iki ýaşyma ýetenimde, özbaşdak haly dokap bilýärdim. Gyzlarym Hurma, Zöhrä, Suraýa haly dokamagy öwretdim. Bereket çeper halyçylyk kärhanasynda halypa halyçy zenanlar bilen zähmet çekýändigim, şol ýerde bolsa halyçylyk sungatyny öwrenmäge höwesli ýaşlaryň barha artýandygy meni  begendirýär, buýsandyrýar — diýip, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Arazbibi Garlyýewa buýsanç bilen aýdýar.