
Bereketli türkmen saçagy
Şu ýylyň fewral aýynyň 18-ne, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gumdag şäher geňeşiniň, Gumdag şäher medeniýet bölüminiň we Gumdag şäher bilim bölüminiň guramagynda şäheriň medeniýet bölüminde okuwçy gyzlaryň arasynda milli tagamlary taýýarlamak boýunça “Bereketli türkmen saçagy” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşik 3 şertden: goşgy, gazal, aýdym aýtmakdan, milli tagamlary taýýarlamakdan we milli egin-eşiklerini görkezmekden ybarat boldy. Bäsleşige Gumdag şäheriniň 11-nji synp mekdep okuwçylary gatnaşyp, olardan I orna 5-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Sähragül Babaseýidowa, II orna 6-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçylary Ogulnur Garaýewa, Nurmeňli Meretgylyjowa, III orna 2-nji orta mekdebiň okuwçylary Bahargül Baýramowa, Toýtäç Garmanowa dagylar mynasyp boldular.
Bäsleşikde üstünlik gazananlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gumdag şäher geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.