Berkararda dynç alsaň...

Syýahatçylyk
19.08.2024
10

Berkararda dynç alsaň...

Hazaryň kenarynda parlap duran Döwlet Baýdagymyzyň şemalda öwüsýän görnüşini göz öňüňde janlandyrýan bu myhmanhana özüniň kaşaňlygy bilen göz gamaşdyrýar. Gürrüňimiz elbetde, bäş ýyldyzly “Berkarar” myhmanhanasy hakynda. Deňiz kenarynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän bu ajaýyp dynç alyş merkezi Türkmenistanyň Mejlisiniň buýrugy bilen gurlup, 2013-nji ýylda açylyp ulanylmaga berildi.

“Berkarar” myhmanhanasy dürli belentlikdäki bäş topbakdan ybarat bolup, türkmen Baýdagynyň simwoliki keşbi, bezeginiň altynlary we mermeriň aklygy bilen fasadyň ýaşyl reňkli aýnasy bilen doldurylýar. Umuman alanyňda, bäş ýyldyzly “Berkarar” myhmanhanasy 378 adamy kabul edip bilýär. Myhmanhanada jemi 182 sany otag bar. Olardan ýeke we iki; maşgala otaglary; lýuks otag; de-lýuks otag; VIP-suite; VIP-de lýuks; VIP-ultra lýuks; King Suite; ýaly otaglary sanamak bolar.

“Berkarar” myhmanhanasy ajaýyp üýtgeşik görnüşi, monumental-dinamiki arhitekturasy we dünýä standartyna laýyk gelýän hyzmatlary bilen dynç almaga gelen ähli myhmanlarda ýakymly, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şübhesiz, bu täsin myhmanhana toplumyny Awaza Milli syýahatçylyk zolagynyň “merjen täjindäki göwher” diýip atlandyryp bolar. Şonuň üçin hem her bir Awazada dynç almak niýetine atlanan adamyň dilinde “Berkararda dynç alsaň...” diýen meşhur jümläni eşitmek bolýar.