
Beýi
Beýi bägül güllüler maşgalasyna degişli miweli agaçdyr. Onuň ýabany görnüşleri Günbatar Köpetdagyň suwly jülgelerinde duş gelýär. Bu täsin miweli agajy köp adamlar tananoklar. Olary kadaly ösdürip ýetişdirmek, sowukdan, tebigatyň beýleki amatsyzlyklaryndan gorap saklamak ýeňil däl. Şeýle-de bolsa, beýi agajy Magtymguly etrabynda beýleki ýerlerdäkiden köp duş gelýär.
Beýi agajynyň boýy 1,5 metrden 5 metre çenli ýetýär. Sortuna baglylykda ak ýa-da melewşe gülleri bolýar. Miwesi gataňsy we sary reňkdedir. Bu agaç köplenç çybyklary arkaly köpeldilýär. Bişen miwesi ýumşak hem-de süýji tagamlydyr. Ondan, esasan, gyş aýlary ulanar ýaly mürepbe, marmelad, şerbetli içgi taýýarlanylýar. Ýöne beýiniň köp sortlaryny miwesi bişen wagty terligine iýmek has peýdalydyr. Güýz aýlarynda onuň miweleri bişip ýetişýär.
Beýi seýrek duş gelýän agaçdyr. Onuň ýabany görnüşi Kawkazda, Merkezi Aziýanyň daglyk ýerlerinde we Eýranda duş gelýär. Magtymguly etrabyndaky ylmy-önümçilik synag merkezinde dürli ýyllarda ozalky bar bolan sortlarynyň üstüne Müsürden, Siriýadan, Hytaýdan, Liwandan, Bolgariýadan, Efiopiýadan, ABŞ-dan, Albaniýadan we Wengriýadan beýiniň çybyklary getirilip köpeldildi. Beýiniň çybyklary geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Murgap jülgesinde synag üçin ekilipdir.