Beýik akyldara bagyşlanan eserler
Magtymguly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Maksat Şyhyýew täze-täze eserleriň üstünde işleýär. Ol agaçdan dürli many-mazmunly heýkelleri ýasaýar. Zehinli heýkeltaraş «Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna we akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap eserler döretdi. Ýylyň şygaryna bagyşlanan eser we «Magtymguly Pyragy - 300 ýyl» atly iş biri-birinden üzňe bolmadyk şekilleriň milli öwüşginli sazlaşygyny emele getirýär. “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlap döreden işi Köpetdagyň gözel künjeginde gurulýan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumynyň çäginde bina edilýän akyldar şahyrymyzyň heýkelinden ylham alyp döreden «Magtymguly Pyragy - 300 ýyl» atly kompozision eseriň dowamy bolup durýar. Awtor eserlerinde beýik akyldarymyzyň döredijilik dünýäsiniň kämilligini, pelsepewi garaýyşlarynyň çäksizdigini beýan etmegi maksat edinipdir. «Magtymguly Pyragy - 300 ýyl» atly işde arka tarapda gümmeziň keşbiniň şekillendirilmeginiň sebäbi, akyldar şahyryň dini hem dünýewi ylymlaryň iň ýokary derejesine ýetendigini, ähli döwürleriň, ähli köňülleriň şahyrydygyny wasp etmek göz öňünde tutulypdyr. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk binalarynyň şekilleri geçmişde halkymyzyň garaşsyz, özygtyýarly, erkin döwlet gurmak aradaky arzuwlarynyň akyldar şahyryňam baş arzuwy bolandygyny aňladyp, olar goşa ganatyň şekillerinde öz beýanyny tapýar. Mundan başga-da. onuň öň döreden Magtymguly Pyragy diýen eseri hem akyldar şahyra bagyşlanandyr.