Beýik akyldaryň nurana keşbi

Medeniýet
06.06.2023
104

Beýik akyldaryň nurana keşbi

Türkmen halysy dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda tanalmak bilen, özüniň gözelligi bilen dünýäni haýran goýýar. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan halyçylyk sungatynda ençeme nepis halylar dokaldy. Gelin-gyzlaryň mähir-yhlasyndan dörän ajaýyp halylaryň biri-de Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy muzeýinde saklanýar. Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbi çitilen «Magtymguly Gerkezde» atly halyny söz ussadynyň ýubileýi mynasybetli 1983-nji ýylda Aşgabadyň çeper halyçylyk kärhanasynyň çeper elli halyçylary dokapdyrlar. Üstünden kyrk ýyla golaý wagt geçse-de, ol ýaňy dokalan ýaly öz öwüşginini saklap gelýär.

«Magtymguly Gerkezde» atly haly barada aýdylanda, ony ussat halyçylaryň 12-si iki toparda 60 günüň dowamynda dokamagy başarypdyrlar. Nepis halynyň meýdany 9 inedördül metrdir. Onda akyldaryň nurana keşbi bilen Sumbar jülgesiniň tebigatynyň gözellikleri utgaşýar. Muzeýiň görnükli ýerinde ýerleşdirilen halynyň dokalyşy barada bu ýere gelýänlere gürrüň berilýär.