Beýik şahyryň belent sarpasy

Medeniýet
13.09.2023
217

Beýik şahyryň belent sarpasy

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäherinde dabaraly çäre geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyny hem-de beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden wagyz etmek maksady bilen «Arkadagyň senasy — Pyragynyň kelamy» diýen at bilen geçirilen dabaraly çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, Balkan welaýat we Magtymguly etrap häkimlikleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşi bilelikde guradylar.

Dabaraly maslahat etrap merkezindäki Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki ajaýyp meýdançada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň giňden ýaýbaňlandyrylan joşgunly aýdym-sazlary bilen başlandy. Onda akyldar şahyryň goşgularyna döredilen, şeýle-de täze taryhy eýýamyň giň gerimli özgertmelerini taryplaýan şirin aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Soňra dabara gatnaşyjylar muzeýiň girelgesinde guralan sergini uly gyzyklanma bilen synladylar.

Magtymguly Pyragy muzeýiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynyň çuňňur many-mazmuny, onda halkymyzyň beýik söz ussadyna goýýan nusgalyk hormat-sarpasynyň öz beýanyny tapýandygy, goşgynyň çeperçiligi hem-de wajyp ähmiýeti barada giňden gürrüň edildi. Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky täsirli çykyşlara hem maslahatda giň orun berildi.

Täze habarlar