Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylar
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 79 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna Hormatly Prezidetimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Bellenişi ýaly, Ýeňiş güni egsilmez joşgun, buýsanç duýgulary bilen giňden bellenilýär. Geljek nesilleriň parahat we bagtyýar durmuşyny goran uruş weteranlary barada döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn alada edilýär. Olaryň saglygyny goramak we dikeltmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalara beslenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem Ýeňiş baýramynyň şanyna baý mazmunly syýasy jemgyýetçilik, medeni ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.