Bilbil — iň saýrak guş

Ýurduň çäginde
16.05.2026
174

Bilbil — iň saýrak guş

Bahar paslynda ir säher bilen guşlaryň saýraýşyny diňlemek pikirleriňe durulyk çaýyp, duýgularyňy kadalaşdyrýar, özüňi sagdyn hem rahat duýmaga kömek edýär. Guşlaryň içinde iň saýrak hasap edilýäni bilbildir. Öwrenilmegine görä, bilbiliň jemi 200-den gowrak dürli heňli nagmasy bar. Bilbiliň sesi adamyň keýpini çaglap, ruhuny beýgeltmek ýaly häsiýetlere eýedir. Bilbilleriň içinde has tapawutlanýan sary bilbiliň nagmalaryny ýüregiň kadaly işlemeginde örän peýdaly diýip hasap edýärler. Bedeniniň uzynlygy ortaça 17 santimetr bolan bilbiliň özüne görä uzyn aýaklary, uly gara gözleri bar. Köpelýän döwründe höwürtgesinde 4-6 aralygynda menekli ýumurtgalary bolup, ene bilbil olary 13 günläp basyrýar. Mör-möjekler, miweler bilen iýmitlenýän bilbil edebiýatda hem waspy köp ýetirilýän guşdur.

Täze habarlar