Bilezik
Türkmen zenanynyň görküne görk goşýan, höwes bilen dakynýan şaý-sepleriniň biri hem bilezikdir. Zenanlaryň bilegine dakynýan bilezigi zergärler tarapyndan kümüşden halka görnüşli edip ýasalýar. Soňra ýüzüne gyzyl çaýylyp, hakyk daşlaryndan sünnälenip bejerilen gaşlar goýulýar. Zergärleriň hakyk daşyny ulanandyklary ýöne ýerden däl. Hakyk daşy bilen bezelen bilezik ony dakynan zenanlary dürli bela-beterlerden, gözden-dilden goraýar diýen yrym ýörgünli bolupdyr. Bilezikler birnäçe görnüşli bolup, olar dürli ýaşdaky zenanlara niýetlenipdir. Bilezik özüniň ululygy, ýüzündäki daşlaryň setirine hem güberçek bölekleriniň sanyna görä dürli ada: “dörtgoşma”, “bäşgoşma”, “altygoşma” we ş.m. ada eýedir. Häzirki döwürde gadymy ussalaryň ussatlyk bilen ýasan bileziklerine duş gelmek bolýar. Halk döredijiliginde hem “Şykga-şykga bilezik, on barmakda on ýüzük” diýlip waspy ýetirilýän bilezik bilen baglanyşykly matallara duş gelmek bolýar.
“Bir Aýym bar egrije,
Duran ýeri dogruja”,
ýa-da
“Ýaýdan egri,
Ak bilekde Durar dogry”
ýaly matallaryň jogaby bilezikdir.