
Bilim işgärleriniň maslahaty
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda Balkan welaýatynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahaty geçirilip, oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde milli bilim ulgamynyň gazananlaryny açyp görkezýän sergini synladylar. Şeýle täsirli pursatlar bilen başlanan maslahatda geçen okuw ýylynyň guwandyryjy netijelerine seljerme berlip, täze 2023 - 2024-nji okuw ýylynyň möhüm wezipeleriniň üstünde giňişleýin durlup geçildi. Çykyşlarda beýan edilişi ýaly, geçen okuw ýylynda welaýat Baş bilim müdirliginiň iş meýilnamasyna laýyklykda, bilim edaralarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hil derejesini ýokarlandyrmak we usuly ýardam bermek maksadyndan ugur alnyp, ýylyň dowamynda toplumlaýyn işler alnyp baryldy. Pedagogik işgärleriň hünär ýokarlandyryş okuwlaryna işjeň gatnaşmaklary üpjün edildi. Netijede, bilim işgärleriniň 686-sy hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşdylar.
Maslahatda Balkan welaýatynda bar bolan 164 sany umumybilim berýän mekdeplerde täze okuw ýylyna ähli ugurlar babatda taýýarlyk işleriniň geçirilendigi aýratyn nygtaldy. Bilim ojaklary täze okuw ýylynda ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlejek bagtyýar çagalaryň 12 müň 120-ä golaýyny gujak açyp garşylar. Şeýle-de, welaýatyň çäginde 173 sany mekdebe çenli çagalar edaralary, 1 sany kömekçi mekdep-internaty, 1 sany welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy hem-de 1 sany çagalyk öýi hereket edýär. 11 sany mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralary bolup, olarda ajaýyp döwrümiziň ýaş nesillerine hünärleriň 38 görnüşi ýörite hünärmenler tarapyndan öwredilýär.
Welaýatyň etrap-şäherlerinden gelen öňdebaryjy bilim işgärleriniň bilim bermekde toplan oňyn tejribeleri dogrusyndaky çykyşlaryna hem maslahatda giň gerim berildi. Olaryň çykyşlary çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.