
Bilim — kämilligiň binýady
«Bilim — kämilligiň binýady» diýen şygar astynda Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde geçirilen maslahata Balkan welaýatynyň bilim işgärleri gatnaşdylar. Ýokary guramaçylyga eýe bolan maslahata gatnaşyjylar ilki bilen bu ýerde guralan sergini uly gyzyklanma bilen synlap, sergide ýerleşdirilen işler barada özara pikir alyşdylar.
Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen başlanan bilim işgärleriniň ýanwar maslahatynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler barada gürrüň etdiler. Şeýle-de okuw ýylynyň geçen döwründe welaýatyň bilim ojaklarynda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde alnyp barylan işlere, gazanylan üstünliklere seljerme berildi. Okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmakda, sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakda, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmekde, bilim işgärleriniň hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmakda ýetilen sepgitleri has-da berkitmekde öňde durýan wezipelere üns çekildi.