Bilim ojaklarynda baýramçylyk dabaralary

Jemgyýet
08.09.2023
163

Bilim ojaklarynda baýramçylyk dabaralary

Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Balkan welaýatynyň ähli bilim ojaklarynda dabaraly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde, Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji hem-de tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdeplerde geçirilen baýramçylyk dabaralary has-da giň gerimli bolup, olara Balkan welaýat hem-de Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar, mekdep okuwçylary, bilim işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine Gutlagynyň okalmagy hemmeleriň baýramçylyk şatlygyny, buýsanjyny artdyrdy. Aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanan dabaraly çärelerde çykyşlara giň gerim berildi.

Täsirli çykyşlardan soňra, bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň ilkinji jaňynyň sesi ýaňlandy. Ilkinji gezek ak mekdebiň gapysyndan ätläp, 1-nji synpa baran çagalara türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi aýratyn ýatda galyjy pursatlary peşgeş berdi.