Bir asyrlyk menzil

Jemgyýet
30.03.2026
145

Bir asyrlyk menzil

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň guramagynda Balkan welaýat kitaphanasynda «Ynsanperwerlik ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Ol guramanyň döredilmeginiň 100 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýurdumyzyň baýry ynsanperwer jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, ol 1926-njy ýylda döredilýär. Bu gurama öz işini ýurdumyzyň çäginde welaýat, şäher we etrap şahamçalarynyň üsti bilen amala aşyrýar. Gurama döredilen  gününden bäri raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ilatyň saglygyny goramak, ejir çekenlere kömek bermek, ýaş nesli türkmen halkynyň rehimdarlyk, duýgudaşlyk ýaly iň gowy däpleriniň ruhunda terbiýelemek bilen bagly ugurlarda uly işleri geçirýär. Dabaraly maslahatda çykyş edenler şular dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Maslahata gatnaşyjylar soňra kitaphananyň girelge zalynda ýaýbaňlandyrylan sergä syn etdiler. Haly we haly önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleriniň sergileri dabaraly maslahata gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Balkan welaýat çagalar sungat mekdebiniň «Balkan» skripkaçylar we fleýtaçylar toparlarynyň çalan ajaýyp sazlary-da ýygnanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.