
Bir senediň täsin taryhy
Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi 1980-nji ýylda esaslandyrylyp, 1985-nji ýyla çenli ilat arasyndan taryhy maglumatlar we gymmatlyklar toplanylýar. 1985-nji ýylda muzeý öz gapylaryny giňden açyp, halk köpçüligine hyzmat edip ugraýar. Onuň ilkinji direktory Annamuhammet Ussaýewdir. Muzeýiň «Etnografiýa» bölüminde öz mynasyp ornuny tapan dutar hem ilkinji direktordan muzeýe sowgat hökmünde berlen senetdir. Bu dutaryň taryhyny ol şeýle gürrüň beripdir: 1950-nji ýyllarda Watan öňündäki harby gulluk borjumy alys ülkelerde berjaý etdim. Başga milletlerden bolan gullukdaş ýoldaşlarym dynç alýan wagtlarymyzda dürli saz gurallarynda saz çalardylar, aýdym aýdardylar. Şol döwürde harby bölümimizde türkmen oglanlary hem köpdi, biziňem öz milli saz gurallarymyzda saz çalasymyz, şoňa ýanap aýdym aýdasymyz gelýärdi. Emma muňa mümkinçiligimiz welin ýokdy. Şonuň üçin biz bir gün maslahatlaşdyk-da, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine haýyşnama ýazdyk. Şol wagtlar ýurdumyzyň medeniýet ministri Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew eken. Bir aý töweregi wagt geçenden soň türkmen ýigitleriniň haýyşynyň kanagatlandyrylyp, harby bölümimize ýurdumyzdan agaç gutynyň gelendigi bize aýan boldy. Serkerdelerimiz aramyza gelip, ol agaç gutyny açdylar we «Gara Seýitliýewiň adyndan Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip ýören türkmen ýigitlerine sowgat» diýip ýazylan haty we türkmen dutaryny çykaryp bize gowşurdylar. Dogrusy, bu waka şaýat bolup duran esgerleriň gözleriniň buýsanç gözýaşlaryndan dolandygynam gizläp durmaýyn.
Hawa, harby gulluk borjumyzy ýerine ýetirýän döwrümizde boş wagtlarymyzda meşhur ýazyjymyzdan sowgat gelen dutary çalyp, özümizi öýümizde ýaly duýýardyk. Başga milletlerden bolan esgerler hem iki kirişli bu sada saz guralyndan şeýle şirin owazyň çykýandygyny geň görüp, hezil edip diňlärdiler. Gulluk borçlaryny tamamlan türkmen ýigitleriniň, ýagny biziň gaýtmaly pursadymyz gelende, bu harby bölüme ýurdumyzdan ýaş esgerler hem barmansoň, «Bu senedimiz yzymyzda harlanaýmasyn» diýip pikir eden oglanlarymyz ony maňa tabşyrdyrlar. 2000-nji ýylda muzeýe sowgat hökmünde gowşurylan, özboluşly taryhy bolan ajaýyp senet häzirki wagtda Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenje gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.