
Bitaraplyga belent buýsanjyň beýany
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölüminiň hem-de Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde Balkan welaýat döwlet drama teatrynda «Buýsanjymyz Watan Bitaraplygy!» diýen at bilen geçiren aýdym-sazly dabarasynyň şatlyk-şowhuny ýetik boldy. Onda hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler dogrusynda söhbet edildi.
Dabarada aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Balkan welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň «Bitaraplyk ýörelgämiz — parahatlyk senasy» atly edebi-sazly çykyşy has-da täsirli boldy. Medeniýet, sungat ussatlary, talyp ýaşlar, çagalar döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny, hemişelik Bitaraplygymyzy giňden wasp etdiler. Tans, döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.