Bitaraplyga belent buýsanjyň nyşany
Balkan welaýat merkezindäki Baş baýdak meýdançasynda Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabara şatlyk-şowhuna beslendi. Balkan welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, medeniýet işgärleriniň, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, talyplaryň hem-de şäheriň ýaşaýjylaryň agzybirlik bilen gatnaşmaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanyp, mukaddes Tugumyzyň ýokary galdyrylmagy bilen başlandy.
Bu ýerde çykyş edenler ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, dünýäniň iri bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanyp, onuň wezipelerine berk eýerýän ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde nusgalyk üstünliklere eýe bolýar.
Sungat ussatlary belentden ýaňlanan aýdym-sazlarynda, görkezen sahnalarynda beýik gymmatlyk bolan hemişelik Bitaraplygymyzy, bagtyýar durmuşymyzy wasp etdiler. Şunuň ýaly çuň mazmunly medeni çykyşlaryň dowamynda asuda asmany parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderilerdir dürli reňkli şarlar bezedi.