Bitaraplyk baýramy — ajaýyp sene

Medeniýet
23.12.2025
39

Bitaraplyk baýramy — ajaýyp sene

Balkan welaýatynda Halkara Bitaraplyk gününiň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler ýokary ruhubelentlige beslendi. Baýramçylygyň esasy çäreleri Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ir säherden başlandy. Balkan welaýat häkimliginiň Balkan welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda geçirilen dabarada Döwlet senamyzyň belentden ýaňlanmagy bilen, ýaşyl Tugumyz al-asmana göterildi. Çykyş edenler bu ýere ýygnananlary hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Baýramçylyk çäresiniň dowamy Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ruhubelentlik bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary, folklor, tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, il agzybirliginiň, ýurt asudalygynyň waspyny ýetiren täsirli çykyşlar  baýramçylygy dürli derejeli toý çäreleri bilen garşylaýan halkymyzyň baky Bitaraplygymyza bolan egsilmez buýsanç duýgularynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Soňra dabara «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda baky Bitarap toýuň gutly bolsun, jan Watan!» ady bilen geçirilen aýdym-sazly çäre bilen dowam etdi. Onda halypa aýdymçylaryň, «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileriniň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň, tans we folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlary sungat muşdaklary üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Jemgyýet