Biz — bagtyýar eneler
Biz bahar paslynyň ajaýyp günlerinde giňden bellenilip geçilen Halkara zenanlar gününiň dabaralaryndan soň «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kombinatynyň ýodlaşdyrylan nahar duzuny we gerdejik görnüşli tehniki duz öndürýän we gaplaýan önümhanasynyň gaplaýjysy Aýsoltan Gulyýewa bilen söhbetdeş bolduk.
Aýsoltan, sizi Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
— Sag boluň! Men hem mährem eneleri, gelin-gyzlary mähirli gutlaýaryn. Ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň aýratyn şatlyk-şowhunly dabaralary biri-birine ulaşdy. Bu baýramçylykda sarpasy belent mährem enelerimiziň, dünýäniň gözelligini özünde jemleýän gelin-gyzlarymyzyň nurana ýüzlerinde şatlyk alamatlaryny görmek boldy. Şowhunly dabaralar ajaýyp zamanamyzda zenan mertebesiniň belent tutulýandygyny, olaryň çäksiz alada bilen gurşalýandygyny aýdyň görkezdi. Baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany bilen pul sowgatlaryny alan gelin-gyzlar olary guwanç hem-de buýsanç duýgusy bilen ýüzlerine syldylar.
Baýramçylyk size goşa şatlyk getiren bolsa gerek.
— Şu ýyl agzybir ojagymyzda Halkara zenanlar gününi goşa baýram hökmünde belledik. Baharyň ajaýyp günlerinde maňa sekiz we şondan köp çagaly eneleriň birnäçesi bilen bilelikde Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy baýramçylyk şatlygymy has-da artdyrdy. Munuň özi enelere goýulýan uly hormat-sarpa bolmak bilen birlikde, dowamatymyz bolan ýaş nesillerimiziň nurana geljegi barada döwlet derejesinde edilýän aladanyň hem özboluşly beýanydyr.
Şunuň ýaly ajaýyp günlerde ýürek buýsanjyňyzy beýan edäýseňiz.
— Bize - enelere belent sarpa goýup, başymyzy göge ýetirýän, ene ýüregimizi joşa getirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.