Bol pile almak ugrunda
"Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Bereket etrabynyň pileçileri ýüpek gurçuklarynyň 27 gap tohumyna talabalaýyk ideg edip, 1 müň tonna pile almaklygy maksat edinýärler. Möwsümiň öň ýanynda ýüpek gurçuklarynyň idediljek jaýlary birkemsiz taýýarlanyp, degişli serişdeler bilen üpjün edildi. Etrabyň «Türkmenistan», «Isgender», şeýle hem S.Nyýazow, Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri işleri göwnejaý alyp barmakda aýratyn tapawutlanýarlar. Bu hojalyklarda ýüpek gurçugyny idetmäge isleg bildirilenleriň sanynyň köpdügini bellemelidiris. Olar ýüpek gurçuklarynyň idedilýän jaýlarynyň howa ýagdaýynyň degişli talaplara laýyk bolmagyny, iýmitiň wagtynda berilmegini gazanmakda yhlasly işleýärler.