Bolsaň bilime teşne

Ýurduň çäginde
05.06.2025
429

Bolsaň bilime teşne

Tutuş Balkan welaýatynyň bilim ulgamynda eýýäm 2 ýyldan hem gowrak wagt bäri uly tolkun bolup möwç urup özüniň netijeli täsirlerini görkezip gelýän “Kämil bilim Balkanabat” okuw merkezi ýagty geljege tarap ilerleýän maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge häzirki wagtda hem işjeň dowam edýär. Welaýat merkezi Balkanabatda işläp başlanyna 2 ýyldan gowrak wagt bomagyna garamazdan gazanylan üstünlikler we ýeňişler muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

*Mental arifmetika ugry boýunça Dubaý şäherinde dünýäniň 52 döwletiniň gatnaşmagyndan geçirilen Dünýä çempionatynda görkezilen şowly netijeler;

*Rus dili we iňlis dili ugurlary boýunça Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Merkezara Olimpiada uly aratapawut bilen gazanylan I orun;

*Geljegiň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýan Robototehnika ugry boýunça hem döwlet olimpiadalaryndan hemişe baýrakly orunlara mynasyp bolýan zehinlije çagalar;

*“Kämil bilim Balkanabat” okuw merkeziniň islendik ugrunda bilim alan ýaş okuwçy oglan-gyzlaryň içerki döwlet olimpiadalarynda, şeýle-de daşary ýurt dünýä olimpiadalarynda gazanýan dowamly ýeňişleri;

*Mugallymlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak, olaryň tejribesini paýlaşmak we täze usullar ornaşdyrmak maksady bilen her ýyl “Kämil bilim Balkanabat” okuw merkezi tarapyndan gurnalýan Mugallymlar üçin Olimpiadalar.

Bolsaň bilime teşne,

Oka, Kämil bilimde!

Ösüşe möhüm çeşme,

Oka, Kämil bilimde!

Şeýle gysga wagtyň içinde täze ösüşlerden ösüşe, ýeňişlerden ýeňişe tarap batly gadam bilen öňe barýan Kämil bilim Balkanabat okuw merkeziniň çekýän yhlasly zähmetlerinde bize hemişe görelde nusgasy bolup durýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdardyrys!

Täze habarlar