«Bossany» nagşy

Medeniýet
07.08.2026
112

«Bossany» nagşy

Türkmen zenanlarynyň ellerinden çykýan dokma önümleri olara salynýan nagyşlar bilen has owadan görke girýär. Bilşimiz ýaly, palas aýratyn zähmeti, örän inçeligi talap edýär. Palasa il içinde «nagşaşak» hem diýilýär. Oňa «Bossany», «Gülýaýdy», «Üýşürme», «Buýnuz», «Gyýak», «Hantoz», «Jüýjeburun» ýaly nagyşlar edilýär. Şeýle nagyşlaryň owadany «Bossany» nagşydyr. Bu nagyş köplenç palasa salynýar. «Bossany» nagşy palaslara aýratyn gelşik berýär. Ol ownuk öýdüm bilen öýdelen dört sany goçakdan ybarat bolýar. Gök goçaklaryň içinde öýdelen gyzyl erişli öýdüme ak sapak sapylýar. Her gölüň arasynda ýaşyl öýdüm bilen öýdelen ownuk göle, ýagny ara gölüne «sandyk» diýilýär.