
Böwürslen
Günorta-Günbatar Köpetdagda ösümlikleriň ençeme görnüşi ösüp ýetişýär. Olaryň biri-de böwürslendir. Böwürsleniň dünýäde ençeme görnüşi bolup, ýurdumyzda 3 görnüşi: garrygala böwürsleni, anatoliý böwürsleni, gülgüne (gögümtil) böwürslen duş gelýär. Köpetdagyň Balkan welaýatynda ýerleşýän böleginde, ýagny Magtymguly etrabynda garrygala böwürsleni ýabany görnüşde köpçülikleýin ösýär. Gyrymsy agaç bolan böwürslen dag derman ösümligi bolup, dag derýajyklarynyň ugrunda ösüp boý almagy halaýar. Miwesi gara, çal örtükli, ýumurtga şekilli bolýar. Böwürslen maý-awgust aýlary gülleýär, iýul-oktýabr aýlarynda onuň miwesi ýetişýär. Miwesi bişýänçä, özüniň reňkini ençeme gezek üýtgedýär. Ak, gyzyl, garamtyl, goýy gyrmyzy reňkli bolýar.
Miwesi terligine iýilýär we gaýtadan işlenilýär. Ondan bal, mürepbe, marmeladlar, şireli suwlar taýýarlanylýar.