Boýadag ýod-bromuň mesgeni.
Günbatar türkmen pesliginde, Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň golaýynda Boýadag belentligi ýerleşýär. Onuň beýikligi 134 metre deňdir. Bu beýiklik ýod-broma baýlygy bilen tapawutlanýar. Onuň çäginde hereket edýän läbik wulkanlar bolup, olar toýunly palçyklary bölüp çykarýarlar.
Hünärmenleriň bellemeklerine görä, ýerasty ýod-bromly suwlar esasan-da, nebit we gaz çykarylýan ýerlerde kändir. Şundan çen tutsaň, Gumdag, Guýjuk ýaly nebit-gazly ýerleriň golaýynda bu gymmatly ýerasty tebigy baýlygyň jemlenmegi düşnüklidir. Häzirki wagtda bu ýerde Balkanabat ýod zawodynyň Boýadag ýod önümçilik sehi hereket edip, onda ýod-brom öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenistan peýdaly tebigy baýlyklara baý ülkedir. Türkmen topragynyň astynda ýod-bromuň hem bol gory jemlenendir. Ýeri gelende aýtsak, Balkan welaýatynyň Esenguly etraby, Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesi bilen bir hatarda Gumdag şäherçesinde hem tehniki ýody, bromy we brom önümlerini öndürmek boýunça bellenen çäreleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Munuň özi Boýadag ýod önümçilik sehiniň işini düýpli özgertmekde hem öz aýdyň beýanyny tapar.