Boýagçylyk senedi

Taryh
21.02.2026
33

Boýagçylyk senedi

Halkymyzyň boýagçylyk senedi öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň gadymy halyçylyk sungaty hakynda söz açýan «Janly rowaýat» atly kitabynda bu senet bilen baglanyşykly ýerli ösümliklerden alynýan tebigy reňkler, ýüňüň we ýüplükleriň işlenilişi, dürli tebigy boýaglar barada hem giňişleýin maglumatlar berilýär. Ýurdumyzyň dagy-düzi, çölüdir sährasy dermanlyk ösümlikler bilen birlikde, boýag ösümliklerine hem örän baýdyr. Diýarymyzda boýag ösümlikleriniň 200-e golaý görnüşi bar. Boýagçylykda giňden ulanylýan ösümlikleriň hatarynda nary, hozy, yşgyny, syýagy, saryçöpi, çakyrtikeni, zirki, zagpyrany, böwürsleni, üzärligi görkezmek bolar. Bu işi sungat derejesine ýetirmegi başaran ata-babalarymyz diňe yşgynyň özünden ýedi görnüşli boýag almagy başarypdyrlar. Ösümliklerden taýýarlanylan boýaglar ýiti, durnukly we solmazak bolýar. Üzärligiň dänesi-de, köki-de boýag almak üçin gymmatly çig maldyr. Hoz agajynyň, naryň, soganyň gabyklarynyň düzüminde hem gymmat bahaly boýag serişdeleri bar. Tebigy boýag alynýan ösümlikleriň arasynda çöl ösümlikleri-de köp. Olara mysal edip, ýurdumyzyň gözel Garagum çölüniň bezegi bolan sogan, çerkez, sözen, yşgyn, gandym, sazak, çaly, borjak, ýowşan ýaly ösümlikleri görkezmek mümkin. Tebigy reňkler bilen boýalan önümler çyga, Gün şöhlesine, beýleki howa şertlerine çydamly we durnukly bolýar.

Täze habarlar