Bu ýöne keşp däldir – gudraty Hakyň...
Türkmen edebiýatynyň göwher - gaşy Magtymguly Pyragynyň çuň many-mazmuna ýugrulan şygyrlarynda tebigat gözelligi hem öz beýanyny tapýar:
Eý, söwdügim, Soňudagy,
Dagdanlydyr biliň seniň...
Türkmen nusgawy edebiýatynyň naýbaşy bolan Magtymguly atamyzyň seýil-seýran edip gezen Gerkez topragynda önüp-ösen ussat suratkeş Amangeldi Hydyrowyň ilki gözleri düşen dagyň ýüzündäki keşp tebigatyň türkmen iline eçilen täsinlikleriniň biridir. 1977-nji ýylda halypa suratkeş tarapyndan ýüze çykarylan Pyragynyň dagdaky keşbi hakynda birnäçe oýlanmalar, hekaýalar we şygyrlar metbugatymyzda öz ornuny tapdy.
Magtymguly Pyragynyň daga siňen keşbi şahyr zenanymyz Ogultäç Oraztaganowanyň döredijiligine hem ajaýyp goşgy setirlerine siňipdir.
Daň säher, on dördi gijede bakyň!
Teşne kalby didar çeşmine ýakyň,
Bu ýöne keşp däldir – gudraty Hakyň,
Daga siňen keşbi Magtymgulynyň.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şahyryň sarpasyny belentde tutýan Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!.