Bugdaý ekişine badalga berildi
Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň “Batly mülkdar” daýhan hojalygynyň bereketli ekin meýdanynda bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi.
Dabaranyň geçýän ýeri baýramçylyk keşbine beslenipdir. Toýlarymyzyň bezegi bolan ak öýleriň, oba hojalyk tehnikalarynyň dürli görnüşleriniň owadan hatarlary, oba durmuşyny suratlandyrýan görnüşler, sergiler, şirin aýdym-sazlaryň hoş owazy dabara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi.
Bu ýerde asylly däbe görä, sylag-sarpaly ýaşulularyň “Bismilla” diýen senaly sözi bilen bugdaý ekişine guramaçylykly girişildi. Güýzlük bugdaý ekişine Balkan welaýatynyň oba hojalyk toplumynyň işgärleridir zähmetsöýer babadaýhanlary ykjam taýýarlykly geldiler. Möwsümiň dowamynda kuwwatly traktorlaryň 125-si we ekiji enjamlaryň 117-si bökdençsiz işlediler. Welaýatyň babadaýhanlary 50 müň gektar meýdana bugdaýyň “Alekseýiç” hem-de “Bezostaýa 100” ýaly görnüşlerini ekip, ondan 80 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy maksat edinýärler.
Bugdaý ekişine başlanmagy mynasybetli Balkan welaýat häkimliginiň hem-de Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň guran dabarasy oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Bu ýerdäki ajaýyp sahnada welaýatyň tanymal bagşy-sazandalarynyň şirin aýdym-sazlary, welaýat döwlet drama teatrynyň sahna ussatlarynyň çykyşlary dabara ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy.
Bu ýerde guralan oba hojalyk önümleriniň sergisinde ekerançylyga degişli milli däp-dessurlar, azyk önümleriniň taýýarlanylyşy öz beýanyny tapypdyr. Oba hojalyk toplumynyň gaýtadan işleýän senagatynyň, çörek we çörek önümleriniň sergisi hem hemmelerde gyzyklanma döretdi. Agaç ussalarynyň, küýzegärleriň nepis işleri, zergärçilik, halyçylyk boýunça ýerleşdirilen işlerem örän täsirli, ýatda galyjy boldy.