Burawlaýjylaryň yhlasly zähmetiniň netijesi

Ykdysadyýet
06.06.2023
381

Burawlaýjylaryň yhlasly zähmetiniň netijesi

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamaga hem-de olary durmuşa ornaşdyrmaga «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniň zähmet toparlary hem mynasyp goşant goşýarlar. Burawlaýjylar nebitligazly ýataklarda täze guýulary gazmakda, olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda tutanýerli zähmet çekýärler. Soňky ýyllarda ýokary depginlerde özleşdirilýän Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda geçen aýda 392-nji ulanyş maksatly guýynyň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy. Öz işine ussat Arazdurdy Arazdurdyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar topary täze guýynyň gazuw işlerini ýokary hilli ýerine ýetirip, öz wagtynda tamamlamagyň hötdesinden geldi. Bu guýuda burawlanan dag jynslarynyň çuňlugy 4 müň 740 metre ýetende, «gara altynyň» akymy alyndy. Önümçilige tabşyrylan täze guýynyň her gije-gündizde berýän nebiti 57 tonnadan geçýär.

Ukrainanyň «Ýugneftegaz» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda bilelikde gazan bu täze guýymyzda gazuw işleri kämil buraw desgasynda amala aşyrylyp, aşaky gyzyl reňkleriň ýedinji gatlagyndan bol önüm alyndy. Şu guýy gazylýarka, ýokarda görkezilen çuňluga ýetýänçäk ýene-de birnäçe nebitli gatlaklaryň hem üstünden baryldy. Munuň özi häzirki ýetilen gatlakda çig mal gutaransoň, ýokarky gatlaklardaky nebiti hem alyp, guýynyň ulanyş möhletini 15-20 ýyla çenli uzaltjakdygymyzy aňladýar. Bu guýynyň çüwdürim esasynda önüm berýändigi ykdysady taýdan hem juda peýdalydyr. Häzir bu meýdançada buraw ussasy Täçberdi Dädebaýewiň ýolbaşçylygyndaky topar tarapyndan gazylýan taslama çuňlugy 4 müň 750 metre deň bolan 365-nji guýuda hem işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu guýynyň hem nebit çig malyny berjekdigine ynanýarys. Biz şu ýylyň geçen ýanwar-aprel aýlarynda jemi 17 müň 550 metr dag jynslaryny gazmak baradaky meýilnamamyzy has artygy bilen berjaý etmegi başardyk. Buraw işleri tamamlanan bäş sany guýymyzyň üçüsiniň ulanyş maksatly guýulardygyny hem aýratyn nygtasym gelýär — diýip, Goturdepe buraw işleri müdirliginiň baş geology Meretgylyç Tagangylyjow gürrüň berýär.

Täze habarlar