
Burawlaýjylaryň zähmet üstünilkleri
Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatynyň depginli ösüşini gazanmakda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işler üstünlikli dowam etdirilýär. «Türkmenne-bit» döwlet konserniniň «Goturdepe» buraw işler müdirliginiň burawlaýjylary hem şeýle ösüşlere mynasyp goşant goşmagyň nusgasyny görkezýärler. Şeýle tagallalar olaryň ýerasty çuňluklary burawlamakda eýeleýän zähmet sepgitlerinde hem mynasyp beýanyny tapýar. Müdirligiň burawlaýjylary geçen ýylyň dowamynda ýerasty çuňluklaryň 61 müň 943 metrini gazmagyň hötdesinden geldiler. Bu bolsa gürrüňi edilýän döwür üçin öňde goýlan iş meýilnamasyndakydan 12 müň 943 metr köpdür. Gazylan çuňluklaryň 47 müň 596 metri ulanyş maksatly, 14 müň 347 metri bolsa gözleg maksatly çuňluklara degişli boldy.