Bürgüt

Ýurduň çäginde
04.09.2025
46

Bürgüt

Bürgütler ýurdumyzda Uly we Kiçi Balkanda, Bathyzda, Garagumda, Köýtendagda, Amyderýanyň jeňňelli tokaýlygyndan Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarýakasyna çenli duşýarlar. Gaýduwsyz, mert guş hasaplanylýan bürgütler şol bir höwürtgeleýän ýerlerinde köp ýyllap bolýarlar, hatda iýmit az bolan ýyllarda hem köpelmän, höwürtgeleýän ýerlerinde galýarlar. Ýumurtgalarynyň sany adatça 2, seýrek ýagdaýda 3 bolýar. Basyp oturmak döwri 45 gün töweregi bolýar. Bürgütleriň ýumurtgadan ýaňy çykan etene çagalarynyň agramy 83,0-92,5 gram aralygynda bolýar. Olar 70 günlük bolanda höwürtgeden uçup gidýärler. Kirpi, towşan, alaka, suwulgan, hažžyk, pyşdyl ýaly jandarlary we guşlary awlap iýmitlenýärler.

Täze habarlar