Buýan

Ýurduň çäginde
19.04.2025
101

Buýan

Buýan gadymdan bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän dermanlyk ösümlikdir. Onuň biziň ýurdumyzda 4 görnüşi duş gelýär. Bu ösümlik il arasynda «süýji buýan» diýlip hem atlandyrylýar. Ol kösükliler maşgalasynyň buýanlar urugynyň boýy 60-80 santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak wekilidir. Baldagy dikligine ösýär, köp şahaly, reňki gyzylymtyl bolup, ýelek şekilli ýapragy bar.

Gurakçylyga has çydamlylygy bilen tapawutlanýan buýan az hasyl berýän topraklarda hem oňat ösýär. Beýle ýagdaý onuň köklerinde ýaşaýan bakteriýalaryň howadaky azody topraga geçirip bilmegi ýaly ukybynyň bardygy sebäpli bolýar. Ösümlik şol bir bitýän ýerinde 10 ýyldan gowrak ösüp bilýär.

Buýan köplenç derýalaryň boýunda, medeni oturymly ýerlerde, ýaplaryňdyr dag çeşmeleriniň ýakasynda duşýar. Bu ösümligiň ýerasty baldagy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Hytaýda ir döwürlerde buýany garratmaýan serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Orta asyrlardaky lukmançylyk edebiýatlarynyň hemmesinde diýen ýaly buýan köki barada köp maglumatlar bar.