Buýsançly wakalaryň hormatyna

Jemgyýet
03.08.2026
93

Buýsançly wakalaryň hormatyna

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän binasynda Balkan welaýatynyň gallaçylarynyň gazanan zähmet üstünligi we Arkadag şäherinde gurulýan metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. Üstümizdäki ýylda welaýatyň merdana gallaçylary 80 müň tonnadan gowrak bugdaý ýygnap, ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Munuň özi olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň ata-babalarymyzyň asylly daýhançylyk däplerini ösdürip, mynasyp dowam etdirýändikleriniň, kämilleşdirýändikleriniň aýdyň subutnamasydyr. Şanly ýylymyzyň buýsançly wakalarynyň hormatyna geçirilen çärede bagşy-sazandalaryň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy ösüşleri we daýhan zähmeti  wasp edildi. Sadaka gatnaşanlar «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlanýan ýerine öwrülmegini, ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz halkymyzyň has-da eşretli ýaşamagynyň hatyrasyna alyp barýan beýik işlerinde mundan beýläk-de rowaçlyklary dileg etdiler.