
Buýsanja beslenen bahar baýramy
Magtymguly etrabynyň «Akderek» ýaýlasynda Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilen dabara ýurdumyzda toýlaryň toýlara, baýramlaryň baýramlara ulaşýandygynyň özboluşly subutnamasyna öwrüldi.
Ýazyň ýakymly günündäki dabara baýramçylyk ýörişi bilen badalga aldy. Il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, gelin-gyzlar, ruhubelent ýaşlar, bagtyýar körpeler baýramçylygyň geçýän ýerine geldiler hem-de begrese beslenen ýaýladaky türkmen obasyna aýlanyp gördüler.
Halk döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda Milli bahar baýramy bilen bagly halkymyzyň ýagşy umyt-arzuwlary, däp-dessurlary, yrym-ynançlary, ýaşaýyş baradaky çuňňur paýhasly garaýyşlary öz beýanyny tapdy. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, gazallarynda, tans toparlarynyň joşgunly tanslarynda berkarar döwletimiziň ösüşleriniň, ajaýyp zamanamyzyň, Nowruzyň, tebigat gözellikleriniň waspy ýetirildi.
Soňra baýramçylyk dabarasy «Ok atan» jülgesinde dowam edip, onuň şatlyk-şowhuny has-da artdy. Bu ýerde hem medeniýet we sungat işgärleriniň sahna oýunlary, folklor çykyşlary, aýdym-sazlary, tanslary biri-birine ulaşyp, çärä gatnaşýanlaryň göwünlerini galkyndyrdy.