Buýsanja beslenen halkara baýram
Balkanabat şäherinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan dabaraly çäreler ýokary ruhubelentlige beslenip, bahar paslynyň ir säherinde edara - kärhanalarda sport maşklarynyň ýerine ýetirilmegi köpçülikleýin häsiýete eýe boldy.
Halkara baýramçylygynyň esasy çäresine - welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndan badalga alan köpçülikleýin welosipedli ýörişe Balkan welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we beýleki ulgamlaryň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýörişiň geçýän ugrunda medeni çäreler giň gerimde ýaýbaňlanyp, belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, joşgunly çykyşlar ýörişe gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da belende göterdi.
Balkanabat şäherindäki köpugurly sport toplumynyň öňünde geçirilen şatlyk-şowhunly çäreler hem juda täsirliligi bilen tapawutlandy. Ol ýerde ýaňlanan döwrebap aýdym-sazlarda, ýerine ýetirilen joşgunly tanslarda ýurdumyzda durmuşa geçirýän beýik işleriň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň, saglygyň, sportuň waspy belentden ýetirildi. Bu ýerde türgenleriň sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary baýramçylyk çäresiniň täsirliligini has-da artdyrdy.